Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Kubogynyň Merkezi zolagyna Özbegistandan hem bir topar gatnaşar

16:5730.07.2020
0
5802

2021-nji vyldan başlap, AFK-nyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşynyň Merkezi zolagynda Özbegistandan hem bir topar ýaryşar. Munuň şeýle boljakdygy Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň öňümizdäki iki ýyl üçin kesgitlän kwotalaryna laýyklykda belli boldy ― diýip, «Championat.asia» saýty ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň Merkezi zolagynda häzir Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň futbol toparlary ýaryşýar. Habarda aýdylyşyna görä, 2021-nji ýyldan başlap, bu ýaryşa Özbegistandan hem bir topar gatnaşar. Şol sanda käbir sebäplere görä, birnäçe ýyllap ýaryşa gatnaşyp bilmedik Owganystandan hem bir topara indiki ýyllarda mümkinçilik berler. Şeýlelikde, özbek toparlary sekiz ýyllyk arakesmeden soňra ýene-de AFK-nyň kubogyna gaýdyp geldiler. Olar yklymyň ikinji derejeli ýaryşyna iň soňky gezek 2012-nji ýylda gatnaşypdylar.

Täze düzgünnama görä, eger Özbegistanyň çempiony we ýurduň Kubogyny gazanan şol bir topar bolsa, wise-çempion AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşar. Ýurduň Superligasynda üçünji orny eýelän topar bolsa AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn ýaryşyna goşular. Eger çempion we Kubogyň eýesi aýry-aýry toparlar bolsa, Kubogy eýelän topar AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama duşuşyklaryna gatnaşar. Ol saýlama duşuşyklardan üstünlikli geçip bilse, yklymyň birinji derejeli ýaryşyna goşular. Geçip bilse, yklym ýaryşyny AFK-nyň kubogynyň Merkezi zolagynda dowam eder. Eger Özbegistanyň Kubogynyň eýesi saýlama tapgyrlardan üstünlikli geçip, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaryna girip bilse, çempionatda ikinji orny eýelän topar AFK-nyň kubogyna gatnaşar.

Täze kwotalara laýyklykda, AFK-nyň kubogynyň öňdäki möwsümlerinde Türkmenistandan, Täjigistandan we Gyrgyzystandan bir topar gönümel toparçalara goşular, bir topar bolsa saýlama duşuşyklardan geçmeli bolar. Owganystanyň çempiony ýaryşa saýlama duşuşyklardan başlar.

Şeýle özgertmeleriň yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň beýleki zolaklarynda hem bolandygyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň