Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

09:1030.07.2020
0
14820

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we eýran halklarynyň hoşniýetli gatnaşyklarynyň köpasyrlyk umumy taryhy hem-de medeni köklerden gaýdýandygyny belläp, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda işjeň ösdürilýändigini aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň düzümleýin bölümleriniň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklarynyň hem ýokary derejesi bellenildi.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselesi bolan täze görnüşli koronawirus ýokanjy, onuň ýaýramagynyň halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna edýän ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz ählumumy häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we bu wehime garşy netijeli göreş alyp barmak üçin ylalaşykly tagallalaryň taýýarlanylmagyny zerur hasaplaýar. Türkmenistanyň Prezidenti ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň oňyn netijelere getirjekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutany ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm üns berýändigi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki goňşy halkyň bähbitlerine mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň