Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow: «BAE bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary ederis»

19:2525.07.2020
0
10189

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed Bin Raşid Al Maktum bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy ― diýip, TDH habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýola goýlýan diplomatik, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilmeginiň taraplaryň syýasy isleglerine we bähbitlerine doly laýyk gelýändigi bellenildi. Döwlet Baştutany BAE bilen gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin, birek-birege ynanyşmak we netijeli ýagdaýda ösdürilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow onuň Alyhezretine iki döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we möhüm ugurlar boýunça ýola goýlýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine üns berýändigi hem-de şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki döwürde wajyp mesele bolan hem-de halkara söwda ulgamynda, önümçilik işinde we daşary ykdysady gatnaşyklarda çökgünligiň emele gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Bu wehime garşy netijeli göreşmek üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu howpa garşy göreşiň täze usullaryny işläp taýýarlamakda dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň