Türkiýäniň çempionatynda täze çempion

15:3920.07.2020
0
4802

Türkiýäniň çempionaty “Süper Ligde” “Istanbul Başakşehir” topary möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda, çempionlygyny yglan etdi. Okun Burugyň tälim berýän topary öz meýdançasynda “Kaýserispordan” 1-0 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňişden soň utugyny 69-a ýetiren stambullylar 2-nji ýerdäki “Trabzonspordan” 7 utuk öňe saýlandy we taryhyndaky ilkinji çempionlygyny gazandy. “Istanbul Başakşehir” topary Türkiýäniň çempionaty “Süper Ligde” çempion bolan 6-njy topar boldy. Ondan “Galatasaraý”, “Fenerbahçe”, “Beşiktaş”, “Trabzonspor” hem-de “Bursaspor” çempionlyk gazanypdy. “Istanbul Başakşehir” täze möwsümde Çempionlar ligasynyň toparçalaryna gönümel gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň