“Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly rumyn tarapy bilen duşuşyk geçirildi - diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenawtoulaglary” “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, “Türkmen logistika Assosiasiýasynyň”, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.
Rumyn tarapyndan bu onlaýn-duşuşyga Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň, Ulag, infrastruktura we gurluşyk ministrliginiň wekilleri, şeýle-de rumyn döwlet kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar ulag-üstaşyr ulgamyndaky hyzmatdaşlyk we “Hazar deňzi – Gara deňzi” halkara ulag geçelgesiniň ikitaraplaýyn mümkinçiliklerini maksimal derejede ulanmak boýunça pikir alyşdylar. Taraplar ýük daşama, gümrük paçlary, söwda ýeňillikleri pudagynyň meselelerine we beýleki meselelere ünsi çekdiler.
Şeýle-de portlaryň we hususy sektoryň logistika hyzmatdaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ýoly bilen bu geçelgede konteýner daşamalary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Konstansa şaheriniň portunyň ýük terminalyny kärendä almak we ulanmak mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.