Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda çylşyrymly ýagdaýlaryň ykdysadyýete täsirini peseltmek boýunça milli maksatnama taýýarlanyldy

23:3603.07.2020
0
12301

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek we durnukly ösmegini üpjün etmek, şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020 — 2021-nji ýyllar üçin milli maksatnama tassyklanyldy. Şeýle hem degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine şu Kararyň birinji böleginde görkezilen maksatnamada bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň