Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri karbamidi, natriý hloridini («Türkmenhimiýa» döwlet konserni) satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 674 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýerli işewürler içerki bazar üçin nah ýüplügi we nah galyndylary, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 82 million 138 müň manatdan gowrak boldy.