62 ýyldan soňra adyny üýtgetdi

19:2503.07.2020
0
2599

Ýaponiýanyň “Sony” kompaniýasy adyny üýtgetdi. 1946-njy ýylda esaslandyrylan kompaniýa indiki ýylyň aprelinden başlap täze adyny ulanar. Elektron enjamlaryny öndürmegi bilen tanalýan kompaniýa dürli ýyllaryň dowamynda birnäçe enjamy ilkinji gezek sarp edijilere ýetirdi. Kompaniýanyň täze adynyň “Sony Group” boljakdygy mälim edildi. Täze at kompaniýanyň çygryny giňeltmäge mümkinçilik berer. Mundan beýläk ýapon ägirdi başga pudaklarda hem işlemegi maksat edinýär. Kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ýoşida Keniçiro täze gelnen kararyň “Sony”-nyň ösüşine goldaw berjekdigini aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, Jing Şenda we Şoda Morita tarapyndan esaslandyrylan kompaniýa, ilkibaşda “Tokyo Telecommunications Industry Co Ltd.” ady bilen döredilipdi. Kompaniýa 1958-nji ýylda häzirki adyna eýe bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň