Soňky habarlar

Arhiw

Inter Aşraf Hakimini transfer etdi

11:2203.07.2020
0
661

Italiýanyň Inter topary geljek möwsümiň aladasyny eýýämden edip başlady. Topar Real Madridiň marokkoly goragçysy, geçen möwsümde Borussiýa Dortmundda kärendesine oýnan Aşraf Hakimini transfer edendigini resmi ýagdaýda mälim etdi. Milan şäheriniň wekili bu transfer üçin madridlilere 40+5 million ýewro berer. Inter topary 21 ýaşly oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekişdi. 2018-nji ýyldan bäri Borussiýa Dortmundda kärendesine oýnap gelýän Hakimi nemes toparynda 72 oýunda 12 gol geçirip, 17 goluň pasyny berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň