Soňky habarlar

Arhiw

Sambo boýunça dünýä çempionatynyň anyk senesi sentýabryň ahyrynda belli bolar

17:2329.06.2020
0
1013

Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän sambo boýunça dünýä çempionatynyň anyk seneleri sentýabr aýynyň ahyryna çenli kesgitlener — diýip, Milli Olimpiýa komitetiniň resmi saýty habar berýär.

Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakowyň TASS habarlar agentligine beren maglumatynda hem aýdylyşy ýaly, bu çempionaty 6 — 8-nji noýabr günlerinde geçirmek meýilleşdirilipdi. Ýöne Ýer ýüzünde COVID-19 pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli, çempionatyň geçiriljek günleri häzirlikçe takyklaşman gelýär.

Halkara federasiýasynyň prezidentiniň pikirine görä, Aşgabatdaky dünýä çempionatyny noýabr aýynda geçirmek iň dogry çözgüt bolar. Eger saglyk bilen bagly ýagdaýlar gowulyga tarap özgermegini dowam etdirse, çempionatyň geçiriljek günlerine üýtgeşme girizilmez. Anyk seneler bolsa sentýabr aýynyň ahyrynda belli ediler.

Halkara sambo federasiýasy dünýä çempionatyny ilkinji gezek kabul edýändigine garamazdan, Türkmenistanyň halkara ýaryşlary geçirmekdäki tejribesine ýokary baha berýär. «Aşgabadyň 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmegi we bu şähere geljek ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmegiň ynanylmagy biziň iň mynasyp şäheri saýlap alandygymyzy görkezýär» diýip, prezidentiň çykyşynda aýdylýar.

Şeýle hem W.Şestakow 2021-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň Koreýa Respublikasynyň Çhonju şäherinde geçiriljekdigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň