BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite geňeşçisi Türkmenistanyň COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmekde taýýarlygy bilen tanyşdy

21:0326.06.2020
0
5294

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow BMG-nyň Baş sekretarynyň özgertmeler meseleleri boýunça Ýörite geňeşçisi jenap Ýens Wandel bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirdi ― diýip, TDH ýazýar.

Taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýörite düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, COVID-19 pandemiýasyna garşy durmakda we onuň ýetiren durmuş-ykdysady zelelini ýeňip geçmekde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümligi bellenildi.

Şu jähtden Türkmenistanda howply keselleriň öňüni almak, şol sanda keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça Adatdan daşary toparyň işi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy, şeýle hem ýurduň COVID-19 keseline garşy tehnologiýalaryň elýeterlik Binýadyna goşulmak babatda alyp barýan işleri beýan edildi.

Pandemiýa garşy çäreleriň maddy-tehniki üpjünçiligi ulgamyny goldamagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň gün tertibine bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-nyň gatnaşyklarynyň geljegi barada meseleler girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň