Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Magtymguly Pyraga bagyşlanan onlaýn halkara maslahat geçirildi

17:4326.06.2020
0
1112

Düýn Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasy bilelikde sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Magtymguly we türki dünýäsi» atly halkara ylmy maslahaty geçirdi — diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen halkara ylmy maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan we degişli ylmy barlag institutlaryndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden hem-de daşary ýurtlardan wekiller gatnaşdy.

Maslahatda Azerbaýjan Milli Ylymlar akademiýasynyň wiseprezidenti, ylymlaryň doktory, professor Isa Habibeýli Akber ogly, Türki medeniýeti we mirasy gaznasynyň başlygy Günaý Efendiýewa, Türki döwletleriň parlament birleşigi halkara guramasynyň başlygy Altynbek Mannapbekow, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar müdirliginiň başlygy, akademik-kätip, tehniki ylymlaryň doktory Rahmanguly Esedulaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Dawut Orazsähedow, Taryh we arheologiýa institutynyň direktory, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýrammyrat Taganow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Myrat Tuwakow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow we beýlekileriň täsirli çykyşlary diňlenildi.

Türkmen we azerbaýjan alymlary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ähmiýeti, onuň türkmen, türki we dünýä edebiýatyndaky orny, söz ussadynyň döredijiliginde öňe sürülýän ynsanperwer garaýyşlar, şahyryň halklary dost-doganlyga, agzybirlige, parahatçylyga çagyrýan şygyrlary barada ylmy garaýyşlaryny gyzykly beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň