COVID-19-yň ykdysady täsirini azaltmak boýunça wideookuw maslahaty geçirildi

23:5718.06.2020
0
5924

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Halkara zähmet guramasy tarapyndan geçirilen sebitleýin wideookuw maslahatyna gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.

COVID-19 koronawirus pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keseliň ykdysadyýete ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmegiň mümkin bolan ýollaryny gözlemäge esasy ünsi çekildi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar kärhanalaryň, şol sanda ählumumy maliýe-ykdysady ulgamyň islendik üýtgemeleriniň ýetirýän amatsyz täsirine has köp garaşly bolan hususy bölegiň ykdysady durnuklylygyny üpjün etmekde halkara tejribesi bilen tanyşdyryldy.

Bu babatda umumy dünýä ykdysady çökgünligiň dowam edýän ýagdaýynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi durnuklylaşdyrmagyň has netijeli gurallaryny herekete getirmegi hem-de kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermegi göz öňünde tutýan oýlanyşykly strategiýasy netijesinde, birsydyrgyn durnukly ösüş depginini saklaýan Türkmenistanyň oňyn netijesi nusgalykdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň