Soňky habarlar

Arhiw

Babarapda futbol tälimçileriniň we mugallymlarynyň gysga möhletli okuwy geçirildi

13:3816.06.2020
0
5354

Gökdepe etrabynyň «Babarap» daýhan birleşiginde futbol tälimçileriniň we mugallymlarynyň gysga möhletli okuwy geçirildi. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Okuwlar Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de milli futbol federasiýamyz tarapyndan geçirildi. Olardaky esasy maksat bolsa tälimçileriň taýýarlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdep-internatynyň binýadynda geçirilen okuwlar bäş günläp dowam etdi.

Okuwlaryň dowamynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Aziýa konfederasiýasynyň gözegçisi Wadim Baratow, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow, tälimçi-mugallym Eziz Annamuhammedow we gözegçi-usulçy Begenç Garaýew dagylar öz tejribelerini ýurduň ähli ýerlerinden gelen kärdeşleri bilen paýlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň