Smartfon satuwy mälim edildi

18:1302.06.2020
0
1030

“Gartner” maglumat-maslahat beriş şereketi şu ýylyň birinji çärýeginde müşderilere ýetirilen smartfonlaryň mukdary barada maglumat ýaýratdy. 2020-nji ýylyň ilkinji üç aýynda “Samsung” kompaniýasynyň has köp telefon satandygyny görmek bolýar. Degişli döwürde koreý brendi 55 million mobil enjam satypdyr. Ikinji ýerdäki “Huawei” 42 million töweregi telefon satypdyr. Degişli döwürde “Apple” kompaniýasynyň smartfonlaryny alanlaryň sany 41 milliona golaýlapdyr. Dördünji we bäşinji ýerleri eýeleýän Hytaýyň “Xiaomi” hem-de “Oppo” kompaniýalary degişlilikde, 28 hem-de 24 milliona golaý mobil enjam satypdyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň