9 ýyldan soňra ilkinji uçuş

14:3231.05.2020
0
1028

ABŞ-da 2011-nji ýylda ýatyrylan astronawtly uçuşlar gaýtadan başlady. Hususy eýeçilige degişli “SpaceX” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “Crew Dragon” atly kosmos gämisi ilkinji adamly uçuşyny amala aşyrdy. Iki sany amerikan astronawty – Daglas Harli bilen Robert Benken ABŞ-nyň aerokosmos edarasy (NASA) hem-de “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan Floridadaky Kennedi adyndaky aerodromdan kosmosa uçuryldy. “Falcon 9” raketasy bilen uçurylan astronawtlar Halkara Kosmos Bekedinde 3 aýdan gowrak wagt bolarlar. Bu döwürde olary kosmosa çykaran “Crew Dragon” gämisi Halkara Kosmos Bekedinde garaşar. Şeýlelikde, astronawtlar şol gämi bilen yzyna dolanarlar. 2011-nji ýyldan bäri kosmosa uçýan amerikan, fransuz, kanadaly we ýaponiýaly kosmonawtlar Russiýanyň “Soýuz” gämilerinden peýdalanýardylar. “SpaceX” kompaniýasynyň öndürýän raketalary hem-de kosmos gämileri gaýtadan ulanylyp bolýandygy sebäpli ep-esli arzan düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň