“Real” bilen “Milan” 2 çempionlyk gazandy, “Ýuwentus” 2 gezek finalda ýeňildi

17:0928.05.2020
0
797

Şu gün 28-nji maý. Taryhda dürli ýyllarda Çempionlar ligasynyň 8 finaly oýnaldy. Şolaryň ilkinjisinde Real Madrid 1958-nji ýylda Brusselde oýnalan finalda Milany 3-2 ýeňýär.

Bu finaldan 11 ýyl soň, 1969-njy ýylda Milan Madridde oýnalan finalda Aýaksy 4-1 ýeňýär. Duşuşykda italýan toparynyň 3 goluny Pierini Prati derwezä girizýär.

Bu iki klub ýaryşyň ady we geçiriliş tertibi üýtgedileninden soň, ýagny UEFA Çempionlar ligasy adyny alanandan soňam edil şu gün ýene bir çempionlyk gazanýarlar. 2003-nji ýylda Milan Mançesterde oýnalan finalda Ýuwentusy penaltiler esasynda ýeňýär. Golsuz geçen final iň iç gysgynç final hasaplanýar (0-0, 3-2 p). Mundan 4 ýyl ozal bu gezek Real Madrid Milan toparynyň meýdançasynda, ýagny San Siroda nobatdaky gezek kubogy asmana galdyrýar. Madridliler şäherdeşi Atletikony penaltilerden soň ýeňip, 11-nji gezek çempionlyk gazanýar.

Şeýle-de 1975-nji ýylda Bawariýa Parižde Lids Ýunaýtedi 2-0 ýeňýär. 1980-nji ýylda bolsa häzirki wagtda Angliýanyň aşaky ligalarynda oýnaýan Nottingem Forest topary Madriddäki finalda Hamburgy Robertsonyň ýeke-täk pökgüsi bilen utýar.

1997-nji ýylda Münhen şäherinde Borussiýa Dortmunda topary finalda Ýuwentusy 3-1 hasabynda ýeňýär. Bu Ýuwentusyň 28-nji maýdaky ilkinji ýeňlişi bolýar. Şu gün oýnalan ýene bir final duşuşygy-da 2011-nji ýylda hasaba alynýar. Londondaky Wembleyde oýnalan bu finalda Barselona topary Pedronyň, Messiniň we Dawil Willanyň gollary bilen iňlis kluby Mançester Ýunaýtedi 3-1 ýeňip, 4-nji çempionlygyna eýe bolýar.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň