Soňky habarlar

Arhiw

“Borussiýa M” – "Baýeri”, “Bawariýa” “Aýntrahty” kabul eder

15:3923.05.2020
0
783

Berlin derbisinde “Hertanyň” liganyň täze wekili “Ýunion Berlini” 4–0-luk ýeňşi bilen başlan Germaniýanyň “Bundesligasynyň” 27-nji tapgyrynda şu gün 5 duşuşyk oýnalar. Şolaryň iň esasysy “Borussiýa M” topary bilen “Baýeriň” arasyndaky oýun bolar. Sanawda 2-nji hatarda barýan “Borussiýa Dortmund” myhmançylykda “Wolfsburg” bilen duşuşar. Iki duşuşyk hem 18:30-da başlap, olaryň ikinjisi “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler. Öňdebaryjy “Bawariýa” bolsa, “Aýntrahty” kabul eder. 21:30-da başlanjak bu duşuşyk hem “Türkmenistan Sport” teleýaýlymy arkaly tomaşaçylaryň dykgatyna ýetiriler. Ýeri gelende aýtsak, bu duşuşygyň ähmiýeti “Bawariýa” üçin diýseň uly bolup, münhenliler 1-nji duşuşykda 5-1 hasabynda utulypdy. Şol oýundan soň, toparyň tälimçisi Kowaç wezipesinden boşadylypdy. Başgaça aýdylanda, “Bawariýanyň” bu rewanşda uly hasaply ýeňiş gazanyp, ahmyrdan çykmagy hem mümkin.

 

Bundesligada 27-nji tapgyryň duşuşyklary:

 

Herta – Ýunion Berlin: 4-0

 

23-nji maý şenbe

 

Paderborn – Hoffenhaým (18:30)

Fraýburg – Werder (18:30)

Wolfsburg – Borussiýa D (18:30)

Borussiýa M – Baýer (18:30)

Bawariýa – Aýntraht (21:30)

 

24-nji maý ýekşenbe

 

Şalke – Augsburg (16:30)

Maýns – Leipsig (18:30)

Köln – Fortuna Düsseldorf (21:00)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň