Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň daşary işler minisrti GDA derejeli wideomaslahata gatnaşdy

23:2612.05.2020
1
6570

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen şu günki nobatdaky mejlisiniň gün tertibine GDA-nyň işiniň esasy ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi ― diýip, TDH habar berýär.

Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň GDA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň Başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň gatnaşmagynda geçirilen şu günki mejlisiniň dowamynda häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, Arkalaşygyň çäklerindäki sebit we halkara meseleleriniň we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn hukuk binýadyna garaldy.

Duşuşygyň gün tertibine dürli pudaklardaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Hususan-da, GDA-nyň çäklerinde 2019-njy ýyl üçin Daşary işler ministrlikleriniň köptapgyrly geňeşmeleriniň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de 2020-nji ýyl üçin şeýle Meýilnamany tassyklamak baradaky meselä garaldy. Bu Meýilnama BMG agzalygyň çäklerinde Arkalaşygyň döwletleriniň alyp barýan işini utgaşdyrmak, beýleki halkara guramalary bilen maglumat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, täze wehimlere we howplara garşy durmak ýaly ugurlar girizildi.

Mejlisiň dowamynda dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýy bilen baglylykda, Arkalaşygyň döwletleriniň bilelikdäki hereketleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şunda koronawirus pandemiýasyna we onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça göreşde hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak hem-de tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde 2019-njy ýyl üçin daşary işler ministrlikleriniň köptapgyrly geňeşmeleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de 2020-nji ýyl üçin Meýilnamasy hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň 2021 — 2030-nji ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatynda hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň Strategiýasy hakynda», «Arkalaşygyň medeni paýtagty» Döwletara maksatnamasynyň 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda (Karakol ş.) amala aşyrylmagy hakynda» Çözgütlere gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň