Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasaryny kabul etdi

14:3810.05.2020
0
21013

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly  Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomini kabul etdi.

Myhman hormatly wezipäni ýerine ýetirmek — 1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak hem-de 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň nyşanyny gowşurmak üçin Aşgabada geldi. Şol polkda döwlet Baştutanynyň atasy, watançy we edermen esger Berdimuhamet Annaýew söweşdi. 

Şeýle hem Türkmenistana uruş ýoluny doly geçen hem-de öýüne Ýeňiş bilen gaýdyp gelen şöhratly esgeriň — Berdimuhamet Annaýewiň şahsy maglumaty getirildi. 

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň şanly sene mynasybetli iberen gutlaglaryny ýetirmek bilen, A.Fomin 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň esgerleriniň gahrymançylygyny we edermenligini  belledi. Olar 1943 — 1944-nji ýyllarda harby ýolbaşçylygyň adyndan minnetdarlyk hatlarynyň 250-sini aldylar hem-de ordenleriň we medallaryň  2,5 müňe golaýyna mynasyp boldular.

Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary 12 ýaşly Mälikguly Berdimuhamedowyň 1944-nji ýylda ýazan «Köp ekeliň dänäni!» atly watançylyk goşgusynyň uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Goşgynyň ýazylan wagty onuň kakasy Berdimuhamet Annaýewiň gandöküşikli söweşleriň birinde agyr ýaralanan wagtyna gabat gelip, bu goşgy setirleri perzendiň öz pederine bolan ýürek duýgusyndan habar berýär.

Döwlet Baştutany türkmen halkynyň adyndan hem-de öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine hoşallyk sözlerini beýan edip, röwşen baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny iberdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň