Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzda şaly ekişine girişildi

19:4707.05.2020
0
9920

Daşoguzly daýhanlar şaly ekişine guramaçylyky girişdiler. Bu ýyl welaýatda 8 müň 100 gektar meýdana ekiş geçirilip, 35 müň tonna tüwi almak meýilleşdirilýär. Bu barada TDH ýazýar.

Şaly meýdanynyň köp bölegi  S.Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýär.  Bu ýerde ýokary hasyl almak üçin zerur şertler döredilýär we häzirki zaman şaly arassalaýjy kärhana işleýär. Sarp edijiler ýokary hilli önümler bilen üpjün edilýär, şeýle hem ýöriteleşdirilen fermalar tohumlar bilen üpjün edýär. Ýerli toprakda we howa şertlerinde oňat netije berýän “Nukus-2”, Müňbaşy” we “Alenga” görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Döwlet maýa goýumlarynyň kömegi bilen Daşoguzda ösen senagat infrastrukturasy döredildi. Sebitde önümleri saklamak we gaýtadan işlemek üçin zerur desgalar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň