Soňky habarlar

Arhiw

«John Deere» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

16:5401.05.2020
0
10195

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynda «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň degişli wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Oňa ýurduň bank ulgamynyň işgärleri hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.

Obasenagat toplumyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Taraplar Türkmenistanyň we dünýäniň esasy oba hojalyk tehnikalaryny öndürijileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Galla orýan we pagta ýygýan kombaýnlaryň, traktorlaryň, ekiş enjamlarynyň hem-de beýleki ýörite tehnikalaryň uly tapgyrlaryny getirmek barada soňky ýyllarda gazanylan ylalaşyklar we şertnamalar bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Oba hojalygy pudagynda tehnikalary we enjamlary dolandyrmagyň sanly elektron ulgamynyň ornaşdyrylmagy «John Deere Walldorf GmbH & Сo. KG» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň täze ugruna öwrüldi. Bu iş 2020 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn amala aşyrylar.

Indi hususy işewürligiň wekilleri hem bankdan alýan karzynyň hasabyna «John Deere» kompaniýasynyň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny alyp bilerler. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwarynda telekeçilere maliýe taýdan goldaw bermek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

Bu resminamada Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de ABŞ-nyň «Deere Сredit Inс.» kompaniýasynyň arasynda telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň «John Deere Walldorf GmbH & Сo.KG» kompaniýasyndan satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahasynyň 85 göterimini maliýeleşdirmek üçin karz ylalaşygyny baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň barşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar türkmen tarapyna özara bähbitli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga toplumlaýyn çemeleşýändigi üçin hoşallyk bildirdiler we gatnaşyklary mundan beýläk has-da giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň