Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: 5-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berler

09:4025.04.2020
0
5447

25-nji aprelde Aşgabatda we Maryda geçiriljek iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyryna badalga berler.

Şol gün «Aşgabat» stadionynda «Köpetdag» «Ahaly» kabul eder. Duşuşyk öýlän sagat 16:00-da başlanar. Beýleki bir duşuşykda bolsa «Energetik» häzirki çempion «Altyn asyry» kabul eder. Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçiriljek duşuşyk 17:30-da başlar.

26-njy aprelde paýtagtyň «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» «Nebitçini» kabul eder. Toparlaryň ýaryş tertibindäki ornuna täsir etjek duşuşyk 17:15-de başlar. Şeýle hem şol gün 17:30-da başlanjak duşuşykda «Şagadam» «Merwi» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň