Arhiw

Türkmen arheologlary bedewiň şekili suratlandyrylan tapyndylary ýüze çykardylar

13:3518.04.2020
0
22494

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek «Türkmen bedewi we dünýä seýisçilik sungaty» atly XII ylmy maslahatyň çäklerinde 2020-nji ýylyň ýaz möwsüminde ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň tanyşdyryş dabarasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016 — 2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, türkmen alymlary hem-de hünärmenleri tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde işler alnyp barylýar. Ýaz möwsüminde geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, türkmen bedewiniň şekili suratlandyrylan birnäçe gymmatly arheologik tapyndylar ýüze çykaryldy.

Wise-premýer şolary wideoşekiller arkaly görkezmek bilen, tapyndylaryň öwrenilip, barlaghanalarda arassalanyp, rejelenip, muzeý gaznasyna tabşyrmaga taýýar edilendigini habar berdi. «Türkmen bedewi we dünýä seýisçilik sungaty» atly XII ylmy maslahatyň çäklerinde bu gymmatly arheologik tapyndylaryň sergisini we tanyşdyryş dabarasyny guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baý milli medeni mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmegiň hem-de dünýä ýaýmagyň möhümdigini belledi. Arheologik gözlegler kämil medeniýeti döreden ata-babalary bolan türkmen halkynyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny ylmy taýdan esaslandyrylýan maglumatlar şaýatlyk edýär.

Mysal üçin, dünýä ýüzüniň alymlary merkezi Goňurdepe bolan Marguş ýurdunyň Gadymy Müsür, Hindistan, Hytaý we Mesopotamiýa bilen bir hatarda, dünýä siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň bäşisiniň biri bolandygyny tassyklaýarlar. Bu ýerde halkara söwda we medeni gatnaşyklary gülläp ösüpdir.

Toplanan milli gymmatlyklar, taryhy tejribe — bular uly baýlyk bolup, biz olary häzirki we geljekki nesillerimize ýetirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezident medeniýet ulgamynyň soňky ýyllarda döredilen maddy-enjamlaýyn binýadyny we pudaklaýyn düzümini, şol sanda milli emeli hemranyň, sanly teleýaýlymlaryň, kitaphanalaryň, teatrlaryň we muzeýleriň mümkinçiliklerini doly derejede, netijeli ulanmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Ozal we soňky geçirilen arheologik gözlegler türkmenlerde atçylygyň gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär. Bedew biziň halkymyz üçin maşgala agzasy hasaplanyp, ähli gymmatlyklardan zyýada bolup durýar. Bedewleriň şan-şöhraty asyrlaryň dowamynda saklanyp galar, çünki ahalteke bedewlerine bolan söýgi türkmeniň ganynda bolup, nesilden-nesle geçip gelýär diýip, milli Lider wise-premýere behişdi bedewleriň hormatyna geçiriljek tanyşdyryş sergisiniň we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy artdyrmak hem-de dünýä ýaýmak jemgyýetiň intellektual kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasyny düzýär diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň