Soňky habarlar

Arhiw

Täze iPhone SE tanyşdyryldy

11:4016.04.2020
0
10045

«Apple»-iň arzan bahaly «iPhone SE» modeli tanyşdyryldy. Beýleki «iPhone»-lardan tapawutlydygy mese-mälim belli bolýan telefonuň ekranynyň ululygy 4,7 dýuýma barabar bolup, 1334×750 piksel durulygynda surat hödürleýär. «Apple»-iň öndüren «A13 Bionic» mikroprosessory oturdylan smartfon gündelik durmuşda ulanmak üçin ýeterlik derejede tizligi üpjün edýär. Modeliň öňünde we yzynda bir sany kamera sensory bar. Yzky kamera 12 MP durulygynda surata düşürip bilýär. Öň tarapyndaky kamera 7 MP durulygynda surata düşürýär. Täze modelde «iPhone 8»-iň peýda bolmagy bilen daşky dizaýny görmek bolýar. Şeýle hem öň tarapda «iPhone X»-de aýrylan «Home» (Öý) düwmesi ýerleşdirilipdir. Daşky şekili ozalky «iPhone»-lary ýatlatsa-da, tehniki aýratynlyklary 2020-nji ýylyň ülňülerine gabat gelýär. Smartfonyň içki ýady 64 GB-dan başlaýar. Onuň 128 we 256 GB-ylk görnüşleri bar. Mundan ozal yz tarapdaky kamera iň soň «iPhone XR»-da ulanylypdy. 399 dollardan satyljak smartfonyň gara, kümüş we gyzyl reňklisi bar. «Ýakynda siziň bilen» şygary bilen tanyşdyrylan telefonyň müşderilere ýetiriljek wagty mälim edilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň