Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-Türk PTB karz hyzmatlaryny hödürleýär

13:5709.04.2020
0
23124

Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky telekeçileriň we aýry-aýry kärhanalaryň önümçilik taslamalaryna maddy taýdan goldaw bermek, uzak möhletli önümçilik karzlaryndan peýdalanmak boýunça hyzmatlaryň toplumyny hödürleýär.

Munuň üçin bank kartyna «Internet-banking» hyzmatyny birikdirip, aşakdaky hyzmatlary internet arkaly amala aşyryp bilersiňiz:

  • Bank hasaplaryndaky balansyňyzy we pul geçirimleri baradaky maglumaty bilmek;
  • Ipoteka we beýleki bank karzlaryny tölemek;
  • «Altyn asyr» öýjükli hyzmatlar üçin töleg tölemek;
  • Şäher telefon ulgamynyň (AŞTU) IP-TV hyzmaty üçin töleg geçirmek;
  • Internet tölegleri (AŞTU);
  • Bank kartlary barada hasabatlary almak.

«Internet-banking» hyzmatyna birikmek üçin Türkmen-Türk banky bilen habarlaşmaly. Bu hyzmaty ulanýan müşderiler üçin bank «Mobilbanking» hyzmatyny hem hödürleýär. Ýörite programma üpjünçiligi arkaly ýokardaky bank amallaryny has döwrebap we amatly usulda amala aşyryp bilersiňiz. 

Bu hyzmatlary birikdirmek üçin diňe pasportyňyz (ýa-da onuň göçürmesi) we mobil telefonyňyzyň belgisi ýeterlik. Şeýle hem bankyň «Goýum» bank kartynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp, ýyllyk tölegleriň 6% -ni yzyna gaýdyp almak, «Maşgala» bank karty boýunça has köp mümkinçiliklerden peýdalanmak teklip edilýär.

Habarlaşmak üçin Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky baradaky maglumatlar:

  • Baş bank: 93-83-51; 93-24-78 e-poçta: info@turkmenturkbank.com
  • Aşgabat, B. Annanow köç. (1916), 110 B jaý, 1-nji şahamça, 43-94-97, 43-94-98;
  • Oguzhan köç., «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi, 6-njy şahamça, 42-27-93, 42-27-94;
  • Mary welaýaty, Mary şäheri Mollanes köç. 3-nji jaý: 800522 6-73-37, 6-74-73, 6-77-73;
  • Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, S.Nyýazow şaýoly, 76/4 jaý: 800422 9-61-68, 9-54-99;
  • Lebap welaýaty, Kerki şäheri, S.Nyýazow köç., 112-nji jaý;
  • Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Gurbanzoltan eje köç., 6/2 jaý: 800322 2-42-51.

Doly maglumaty bankyň resmi web saýtyndan alyp bilersiňiz: www.turkmenturkbank.gov.tm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň