Soňky habarlar

Arhiw

Uçýan awtoulaglaryň ýaryşy geçiriler

12:1307.04.2020
0
763

Entek uçýan awtoulaglar o diýen ýaýramadyk hem bolsa, uçýan awtoulaglaryň ýaryşynyň geçirilmegi maksat edinilýär.  “Alauda” atly şereket şu ýylyň dowamynda ilkinji ýaryşy geçirmegi maksat edinýär. Elektrokar öndürýän we “Airspeeder” ýaryşlaryny guraýan “Alauda” şereketiniň esaslandyryjysy Mett Pirson bäsdeşligiň tehnologiýany kämilleşdirmekde täsiriniň uludygyna ünsi çekip,  geçen asyryň başlaryndaky F1 pilotlarynyň häzirki tehnologiýany kämilleşdirmäge goşant goşandyklaryny aýtdy. Geçiriljek ýaryşlarda toparlaryň we öndürijileriň zerurlyk duýýan enjamlary hem “Alauda” tarapyndan üpjün ediler. Eýýäm ýaryşa gatnaşjak ulaglaryň birnäçesi taýýar edildi. Ilkinji synag uçuşlary şereketiň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýurdy bolan Awstraliýadanyň Adelaida şäheriniň etegindäki çölde geçiriler. Ýurduň bu şäheriniň golaýyndaky çöl dürli awtoulag ýaryşlarynyň geçirilmegi üçin iň amatly ýerleriň biri hasaplanýar. Şeýle hem şäher kosmos tehnologiýasynyň ösen ýerleriniň birine öwrüldi. Ulaglaryň ýokary tizligi 200 km/sagada ýeter.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň