Soňky habarlar

Arhiw

BMGÖM Daşoguzda talyplar bilen meýdan gününi geçirdi

22:3405.04.2020
0
907

Türkmen oba hojalyk institutynda ýörite meýilnama esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň «Türkmenistanyň gurak sebitlerinde oba hojalygy bilen meşgullanýan ilatyň howanyň täsiri bilen bagly durmuş-ykdysady ýagdaýlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek» atly taslamasynyň çäklerinde meýdan güni geçirildi. Bu çärä institutyň baýry mugallymlary, talyplary, Görogly etrabynyň bagbanlary we daýhanlary gatnaşdylar ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär. 
Meýdan güni iki tapgyrda, ýagny birinji tapgyr institutyň okuw binasynda geçirildi. Onda institutyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy Hojamyrat Orazbaýew «Bagçylyk oba ilatynyň alternatiw girdeji çeşmesidir» atly görkezme tanyşdyrylyşy bilen çykyş etdi. Ol çykyşynda miweli baglaryň ösdürilip ýetişdiriliş tehnologiýasy, olara ýylyň dowamynda nähili ideg etmelidigini, haçan, nähili we näçe mukdarda dökün bermelidigi barada gürrüň berdi. 
Soňra Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň müdiri Aýnabat Ataýewa «Miweli baglary kesmek we timarlamak» atly görkezme tanyşdyrylyşy bilen çykyş edip, miweli baglary kesmegiň maksady we düzgünleri, kesim işlerini geçirmegiň wagty we görnüşleri hem-de kesim işlerinde ulanylýan gurallar barada giňişleýin gürrüň berdi. 
Ikinji tapgyrda okuwlar institutyň okuw-tejribe hojalygyndaky 2 gektar meýdanda ýetişdirilýän alma baglarynda dowam etdirildi. Onda institutyň oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgä ri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Uma Kerimowa 3-4 ýyllyk bolan alma baglarynda kesim işlerini geçirip görkezdi. Talyplar bu işlere işjeň gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň