Türkmenabadyň tikin fabriginde üç aýda iki esse ösüş gazanyldy

19:0203.04.2020
0
868

Türkmenabadyň tikin fabriginde şu ýylyň üç aýynda 4 million 734 müň 86 manatlyk önümiň ýerine 9 million 93 manatlyk önüm öndürip, meýilnama 192,1 göterim ýerine ýetirildi.

Tikinçiler bazar ykdysadyýeti şertlerinde has gowy işläp ugradylar. Önümleriň hiliniň ýokary bolmagy içerki bazarda hyrydarlaryň köpelmegine getirdi. Kärhananyň önümçilik sehleriniň ýerleşýän jaýlarynda tikinçileriň öndürijilikli işlemekleri üçin ähli amatly şertler bar. 

Ussat tikinçiler ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň dünýä meşhur kompaniýalarynyň önümleri bolan tikin maşynlaryny ýokary öndürijilikli işletmegiň hötdesinden gelýärler. Şonuň üçin aýlyk meýilnamalar 1,5—2 esse berjaý edilýär. 

Bu ýerde diňe bir mart aýynda meýilnama 180,8 göterim ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň