Dünýä täzelikleri: «Boeing» wagtlaýyn ýapylar, sebäbi...

23:4130.03.2020
0
1458

«Boeing» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň Wa­şing­ton şta­ty­nyň Sietl şä­he­rin­de ýerleş­ýän özü­niň esa­sy za­wo­dy­ny wagt­la­ýyn­ça ýap­mak­ ka­raryna geldi ― diýip, «Biznes-reklama» gazeti habar berýär.

Ho­wa gä­mi­le­ri­ni ön­dür­ýän dün­ýä­niň iň iri kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan bi­ri bo­lan «Boeing» bu müd­det­de za­wo­dyň bi­na­la­ryn­da hem-de sta­nok­la­ryn­da aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­mek­çi bol­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.

Sietl şä­he­ri­niň 40 ki­lo­metr demir­ga­zy­gyn­da­ky Ewe­rett et­ra­byn­da he­re­ket ed­ýän kom­pa­ni­ýa­nyň bu za­wo­dy 1967-nji ýyl­da öz işi­ne baş­lap­dy. Onuň umu­my meý­da­ny 399 482 ine­dör­dül metr bo­lup, bu ýer­de 30 000 sa­ny hü­när­men zäh­met çek­ýär.

Ewe­rett­de ýerleş­ýän za­wod­da kom­pa­ni­ýa­nyň ýü­zi ha­sap­la­nyl­ýan «Boeing 747», «Boeing 767», «Boeing 777» hem-de iň soň­ky «Boeing 787» mo­del­le­ri ön­dü­ril­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň