Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Şweýsariýada geçiriljek Uniwersiada ― 2021-den çakylyk aldy

08:3230.03.2020
0
4379
Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy Şweýsariýada geçiriljek Uniwersiada ― 2021-den çakylyk aldy

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy 2021-nji ýylda Şweýsariýada geçiriljek Gyşky uniwersiada gatnaşmak üçin çakylyk aldy. Türkmen hokkeýçileri 30-njy gezek geçiriljek Uniwersiadada ýurdumyzyň sport abraýyny gorap çykyş ederler. Ýeri gelende, Şweýsariýanyň Lýusern şäherinde geçiriljek Uniwersiadanyň ýaryşlarynyň 2021-nji ýylyň 21 ― 31-nji ýanwary aralygynda meýilleşdirilýändigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçylary we tälimçileri şu günler milli ýygyndyny jemlemek bilen bagly işlere aýratyn üns berýärler. Bu işde hokkeýçileriň ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatyndaky netijelerine aýratyn üns berler.

Milli federasiýanyň ýolbaşçysy Jora Hudaýberdiýewiň metbugata beren interwýusynda hem nygtaýşy ýaly, Uniwersiadadaky garşydaşlarymyz Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň iň güýçli wekilleri bolar. Şonuň üçin hem Türkmenistana iň mynasyp derejede wekilçilik etmek häzirden ähli tagallalar edilýär.

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysynyň halkara ýaryşlarda çykyş etmek boýunça ýeterlik tejribe toplandygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Milli ýygyndymyz 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň Sappora şäherinde geçirilen Gyşky Aziýa oýunlarynda kümüş, geçen ýyl Bolgariýada geçirilen dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynda bolsa bürünç medal eýeledi.

Häzirki düzümi, esasan, dört toparyň ― «Galkanyň», «Şiriň», «Ogozganyň» we «Nesiliň» hokkeýçileri emele getirýär. Ýöne ýakynda tamamlanan çempionat beýleki toparlardan hem milli ýygynda çagyrylmaga mynasyp oýunçylaryň kändigini görkezdi. Şeýlelikde, ýygyndy toparymyzyň deslapky düzümi güýze çenli emele getiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň