“Şahsy kömekçini” tanyşdyrdy

12:1927.03.2020
0
551

Mobil enjamlaryny öndürmekde we täzeçil tehnologiýalary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berýän “Huawei” kompaniýasy mobil enjamlar üçin sesli buýruklary kabul edýän “Şahsy kömekçini” tanyşdyrdy. Häzirki wagtda “Apple Siri”, “Google Assistant”, “Microsoft Cortana” we “Amazon Alexa” ýaly mobil enjamlaryň sesli buýruklary kabul edýän “şahsy kömekçiler” bar. “Huawei” bu innowatiw aýratynlygyna “Celia” adyny beripdir. “Hey, Celia” diýilmegi bilen işjeň ýagdaýa geçýän aýratynlyk bilen jaň etmek, sms ibermek, senenamany sazlamak, aýdym aýtdyrmak, howanyň ýagdaýyny bilmek ýaly birnäçe işi sesli buýruk arkaly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ösen emeli aň arkaly işleýän “Celia”-nyň geljekde telewizorlarda hem peýda boljakdygy mälim edildi. Häzirki wagtda “Celia” iňlis, fransuz we ispan dillerine “düşünýär”. Geljekde bu dilleriň sanynyň köpeldiljekdigi we programmanyň has hem kämilleşdiriljekdigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň