Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda erkin göreş boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

12:3424.03.2020
0
7592

Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň uly zalynda erkin göreş boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Agram derejeleriniň 10-sy boýunça geçen ýaryşyň ýedi agram derejesinde ýerli türgenleriň çempion bolmagy tötänlik däl. Çünki Lebap ýurdumyzda başa-baş göreşiň has ösdürilýän sebitleriniň biridir.

Ýaryşa Amyderýanyň kenaryndan gatnaşan türgenlere Baýram Alyýew tälim berdi. Onuň şägirtlerinden Nigara Jumanyýazowa (45 kilogram), Laçyn Annamyradowa (48 kilogram), Irina Sadykowa (54 kilogram), Madina Aripowa (58 kilogram) dagylar ýurdumyzyň çempiony boldular. 76 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Leýla Alyýewa bolsa üçünji gezek «Türkmenistanyň çempiony» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Ýerli türgenlerden galan iki altyn medaly Rozyjuma Meredowyň şägirtleri eýeledi. Has takygy, Jemile Annamyradowa 51 kilograma, Ýulduz Hudaýberdiýewa 76 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň çempiony boldular.

Paýtagtly türgenler Naziýa Joraýewa (62 kilogram), Oguljan Egemberdiýewa (68 kilogram), Jemal Öwlüýagulyýewa (72 kilogram) dagylar hem hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykan türgenler boldy. Bu türgenler hem başa-baş göreşiň Lebap mekdebiniň uçurymlarydyr. Häzir paýtagtymyzda ýokary bilim alýan gyzlar Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň uly tälimçisi Orazberdi Şaberdiýewiň ýolbaşçylygynda ýaryşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň