“Google” Halkara Nowruz baýramyny gutlady

10:4519.03.2020
0
5285

Gündogar halklarynyň gadymdan gelýän baýramlarynyň biri bolan Nowruz 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde Halkara Nowruz güni diýip yglan edildi. Şondan bäri hem bu baýram dost-doganlygyň baýramy hökmünde dünýäde giňden bellenilýär. Munuň özi Nowruzy baýram hökmünde belleýän halklary, ýurtlary has ýakynlaşdyrdy. Internetde iň köp peýdalanylýan saýtlaryň biri bolan “Google” birnäçe ýyldan belli baýramçylyklar mynasybetli ýörite “Doodle” taýýarlaýar. Gözleg saýtynyň belli günlerde şol gün mynasybetli üýtgedýän nyşanyny “Doodle” diýilýär. “Google” Halkara Nowruz güni mynasybetli hem “Doodle” taýýarlapdyr. Şekilde baharyň buşlukçysy bolan güller, ösümlikler, kebelekler suratlandyrylypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň