Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Çempionlar ligasynda ilkinji 2 çärýek finalçy şu gije belli bolar

17:4510.03.2020
0
7586

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň jogap duşuşyklaryna şu gün badalga berler. Başgaça aýdylanda, ilkinji 2 çärýek finalçylar şu gije belli bolar. Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanjak duşuşyklarda “Walensiýa” öz meýdançasynda “Atalantany” kabul eder. Tomaşaçysyz oýnaljak duşuşykda rumyniýaly Owidiu Hasegan jürlewük çalar. Mälim bolşy ýaly, 1-nji duşuşykda “Atalanta” topary Italiýada 4-1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Myhmançylykda 2-1 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Leipsig” öz meýdançasynda “Tottenhamy” kabul eder. 01:00-da başlanjak oýna ispaniýaly Karlos del Serro Grande eminlik eder.

Ertirki duşuşyklarda bolsa, PSŽ bilen “Borussiýa Dortmund”, “Liwerpul” bilenem “Atletiko Madrid” özara güýç synanyşar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň