Soňky habarlar

Arhiw

Halkara dzýudo federasiýasy meýilleşdirilen ýaryşlary wagtlaýyn ýatyrdy

12:4610.03.2020
0
5844

Halkara dzýudo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komiteti, 2020-nji ýylyň 30-njy apreline çenli Olimpiýa oýunlarynyň ähli saýlama ýaryşlaryny ýatyrmak kararyna geldi.

"Sport AKIpress"-iň habaryna görä, Ýekaterinburgdaky (Russiýa) «Uly tuwulga» ýaryşy, şeýle hem Tbiliside (Gruziýa) we Antalýada (Türkiýe) meýilleşdirilen «Gran Pri» we beýleki yklymlaýyn wagtlaýyn ýaryşlar ýatyryldy. Marokkodaky ýaryşyň ýatyrylandygy barada bolsa öňräk habar berlipdi.

Bu saýlama ýaryşlara Türkmenistanda Gülbadam Babamuradowa bilen Hakberdi Jumaýew wekiçilik eder. Häzir bu türgenleriň ikisinde-de Olimpiýa oýunlaryna ýollanma almak üçin oňat mümkinçilik bar.

Türgenlerimiz öňde boljak ýaryşlarda-da ýokary netijeleri görkezmeli. Olaryň wagty yza süýşürilen ýaryşlaryň ählisine gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň