Soňky habarlar

Arhiw

2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanda ähli hususy telekeçileriň web-saýtlary dörediler

23:5927.02.2020
0
9638

27-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanyna Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi ― diýip, TDH ýazýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen işlenilip taýýarlanylan hem-de 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak we ylmy işläp taýýarlamalary döwrüň talaplaryna laýyk önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň birinji tapgyrynda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň dowamynda degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Işlere 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli işe girizmek bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň