2019-njy ýylyň iň köp satylan smartfonlary

19:5526.02.2020
0
9833

Global bazarda geçen ýyl iň köp satylan smartfonlaryň sanawy mälim edildi. Sanawda 2018-nji ýylda satuwa çykarylan “iPhone XR” birinji boldy. Maglumatlara görä ýylyň dowamynda bu telefondan 46,3 milliony satylypdyr. Ikinji ýeri 37,3 milliony satylan “iPhone 11” eýeleýär. Sanawyň ondan soňky basgançaklarynda “Samsung Galaxy A10”, “Galaxy A50” we “Galaxy A20” modelleri bolup, olardan degişlilikde, 30,3 million, 24,2 million we 19,2 million satylypdyr. Ýokary hilli smartfon hasaplanýan “iPhone 11 Pro Max” 17,6 milliony satylyp, sanawyň altynjy basgançagyny eýeläpdir. “iPhone 8” telefonlaryndan 17,4 milliony, “Redmi Note 7”-den 16,4 milliony ýerlenipdir. 15,5 milliony satylan “iPhone 11 Pro” 9-njy ýeri eýeledi. Sanawyň ilkinji onlugynyň soňky basgançagyny “Samsung Galaxy J2 Core” alypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň