Täze eplenýän ekranly smartfon tanyşdyryldy

10:5425.02.2020
0
1104

“Huawei” kompaniýasy eplenýän ekranly täze telefonyny tanyşdyrdy. “Mate Xs” atly smartfon indiki aý satuwa çykarylar. Smartfonyň ekrany açylanda 8 dýuým, ýapylanda bolsa, bir tarapynda 6,6, beýleki tarapda 6,38 dýumlyk ekran emele gelýär. Geçen ýyl satuwa çykarylan “Mate X”  modelinde bolşy ýaly bu telefonyň hem aşagynda çykgyt goýulmagy makul bilnipdir. Mundan ozal bu enjamyň diňe hytaý bazaryna niýetlenen görnüşi tanyşdyrylypdy. Täze smartfonda 5G, 8 GB RAM we 512 GB içki ýat bilen enjamlaşdyrylan. Telefonyň gapdalynda jemi 4 kamera ýerleşdirilipdir. Telefonda esasy kamera 40 MP durulygynda, şeýle hem 20 MP we 8 MP durulygynda ýene iki kamera bar. Dördünji kamera bolsa, çuňluk sensory (ToF ) bolup, uzakdaky zatlary dury surata ýagdaýda almaga niýetlenipdir. “Google” hyzmatlarynyň hiç biri ýerleşdirilmedik smartfonyň bahasynyň 2700 dollardygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň