Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Lebap welaýat baş metjidine üç ulag gowşuryldy

22:0624.02.2020
0
17670

Düýn Lebap welaýat baş metjidine Türkmenistanyň Prezidentiniň täze sowgady ― «Gazel» kysymly ýük ulagy gelip gowuşdy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Şeýlelikde döwlet Baştutany tarapyndan metjide bagyşlanan ulaglaryň sany üçe ýetdi. Onuň açylan günlerinde milletiň Liderinden «Camry» kysymly ýeňil awtoulag bilen «Hiace» kysymly mikroawtobus hem gowşurylypdy.

Metjidiň ymamy Ereş Talybowyň aýtmagyna görä, ýolagçy ulaglary din wekillerini we ýaşululary dürli baýramçylyk dabaralaryna gatnatmak üçin ulanylar. Ýük ulagy bolsa metjidiň hojalyk işlerinde peýdalanylar.

Birbada 3 müň adamyň namaza durmagyna mümkinçilik berýän metjit geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Preizdentiniň gatnaşmagynda ulanylmaga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň