Soňky habarlar

Arhiw

“Barselona” Breýtweýti transfer etdi

18:5620.02.2020
0
1076

Hüjümçileri Luis Suares we Usman Dembeleniň şikesli bolmagyny nazarda tutan “Barselona” topary “Leganesiň” daniýaly hüjümçisi Martin Breýtweýti hataryna goşdy. Transfer möwsüminiň tamamlandygyna garamazdan, Ispaniýa Futbol federasiýasyndan ýörite ygtyýar alan “Barselona” topary 28 ýaşly hüjümçi bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Oýunçynyň transfer bahasy hökmünde-de “Leganes” toparyna 18 million ýewro berer. Breýtweýti “Barselonadan” transfer etmek isleýän klublar bolsa, katalonlara 300 million ýewro bermeli bolarlar. Möwsümiň başynda “Middlsbrodan” “Leganese” 5 million ýewro baha transfer bolan Breýtweýt ispan toparynda 27 oýunda 8 gol geçirdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň