Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäde iň köp işgäri bolan şereketler

19:2419.02.2020
0
1595

“Fortune” žurnaly dünýäde iň köp işgäri bolan şereketleriň sanawyny mälim etdi. Dünýäde iň köp işgäri  bolan şereket ABŞ-nyň bölekleýin söwda şereketi “Walmart” bolup, onuň düzüminde 2,2 million adam işleýär. Ilkinji söwda merkezini 1962-nji ýylda Arkansas ştatynda açan “Walmart”-yň ýyllyk pul aýlanyşygy 514,4 milliard dollara deňdir. Sanawda 2–3–4-nji orunlarda hytaý kompaniýalary bolup, Hytaýyň Milli nebit-gaz şereketi – CNPC-de işleýänleriň sany 1 million 382 müňe ýetýär. Şereketiň geçen ýyldaky aýlanyşygy 393 milliard dollar möçberinde boldy. 3-nji ýerdäki Hytaýyň Milli poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň 935 müň, 4-nji basgançakdaky Hytaýyň Döwlet energetik şereketiniň 917 müň işgäri bar. Ady agzalan 3 hytaý kompaniýasy-da döwlete degişli bolup, Döwlet energetik şereketiniň geçen ýyldaky maliýe aýlanyşygy 387 milliard dollara deň boldy.

Merkezi edara binasy Taýwanda (Hytaý Taýpeýi) ýerleşýän elektronik enjamlary öndüriji, köp milletli kompaniýa “Foxconn” 667 müň işgäri bilen 5-nji ýeri eýeleýär. Elektronik enjamlarynyň önümçiliginde dünýäniň iň öňdebaryjy şereketi “Foxconn”-yň geçen ýyldaky aýlanyşygy 175 milliard dollara deň boldy.

Nemesleriň meşhur awtoulag şereketi “Volkswagen”-den 664 müň, elektron söwda we bulut programma üpjünçiliginiň läheňi “Amazon” kompaniýasyndan 647 müň adam aýlyk alýar.

Şeýle-de Hytaýyň “Sinopec” atly nebit-gaz we himiýa önümleri kompaniýasy işgärleriniň sany boýunda 8-nji orunda barýar. Şereketde 619 müň adam işleýär. Azyk önümleri bilen üpjün edýän iňlis kompaniýasy “Compass Group”-yň 595 müň, şeýle hem 10-njy ýerdäki ABŞ poçta hyzmatlary gullugynda 565 müň adam işleýär. Şereket 1775-nji ýylda esaslandyrylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň