Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň uly ulagy batareýa bilen işlär

16:1018.02.2020
0
950

“Williams Advanced Engineering” (WAE) hem-de “Anglo American” kompaniýalary wodorod bilen işleýän iň uly ýük ulagyny işläp taýýarlamak üçin hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde öndüriljek dünýäniň iň uly ýük ulagy üçin batareýa ulgamy dörediler. Häzirki wagtda dizel hereketlendirijili ulaglardan peýdalanýan magdan çykaryjy “Anglo American” kompaniýasy täze tehnikadan gowy netije alnan ýagdaýynda, tutuş parkyny täzelemegi maksat edinýär. WAE-niň wekilleri öndüriljek batareýalaryň we wodorod ýangyçly enjamyň senagatda ulanylýan dizel hereketlendirijiler ýaly berk boljakdygyny aýdýar. WAE sport ulaglaryny we elektroulaglara degişli çözgütleri işläp düzýär. Ýük ulaglaryna niýetlenen enjamlar WAE kompaniýasynyň Angliýanyň Oksfordşir şäherindäki zawodynda öndüriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň