Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: ýanwarda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim boldy

16:0115.02.2020
0
772

14-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow döwlet Baştutanyna milli ykdysadyýetimiziň şu ýylyň ýanwar aýynda gazanan makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi ― diýip, TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,1 göterim, gurluşykda 0,3 göterim, ulag-kommunikasiýa pudagynda 10 göterim, söwdada 11,1 göterim, oba hojalygynda 3,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda bolsa 7,7 göterim ýokarlandy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda ähli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça öndürilen önümleriň mukdary 5,8 göterim artdy.

Şu ýylyň birinji aýynyň jemleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 4,3 göterim köpeldi.

Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 1,9 milliard manat, çykdajy bölegi bolsa 1,1 milliard manat derejede ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça ortaça aýlyk haklarynyň mukdary 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,4 göterim köpeldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň