Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: dokma pudagynda 12,5 göterim ösüş

15:1415.02.2020
0
1084

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar aýynda öndürilen önümleriň umumy möçberi 12,5 göterim, nah matalaryň öndürilişi 17,5 göterim, tikin we örme önümleriň öndürilişi 43,8 göterim, haly we haly önümleriniň möçberi 24,8 göterim köpeldi. Bular barada 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany Dpkam senagaty ministrligi bilen «Türkmenhaly» önümçilik birleşigini biri-birine garaşsyz edaralar görnüşine getirdi. Bu pudaklaryň ikisinde hem ýylyň-ýylyna uly ösüşleriň gazanylýandygyny aýtmak gerek.

Düýnki Hökümet mejlisinde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow degişli wise-premýere dokma hem-de milli mirasymyz bolan ajaýyp haly önümleriniň eksportuny artdyrmak meseleleriniň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň