Hökümet mejlisi: ulag-aragatnaşyk pudagynyň agentlikleri ýanwary üstünlikli jemlediler

14:3215.02.2020
0
326

14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanyna ýurduň ulag we kommunikasiýa pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şu döwürde önümçilik meýilnamasy 113,3 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 113,1 göterime deň boldy. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Hasabat döwründe «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş depgini 127,4 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça 102,4 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 115,1 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça ösüş depgini 205,2 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa ösüş depgini 107,8 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça başlangyçlarymyzyň sebit we yklymüsti ýollaryň ösdürilmegini, ulag pudagynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegini talap edýändigini belledi hem-de şunda demir ýol ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.

Döwlet Baştutany demir ýol ulgamyny ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň iň aňrybaş hil derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň