Soňky habarlar

Arhiw

«Çelsi» soňky iki transfer penjiresinden iň köp girdeji alan klub boldy

12:3412.02.2020
0
4437

«CIES Football Observatory» maglumat merkezi soňky iki transfer möwsüminde iň köp girdeji gazanan we iň köp çykdahy eden klublar barada maglumat berdi.

2019-njy ýylyň tomsundan 2020-nji ýylyň fewraly aralygynda transferlerden iň köp girdeji gazanan klub Londonyň «Çelsisidir». Klub soňky iki transfer penjiresinde 205 million ýewro girdeji gazandy. Has takygy, 16 oýunçysy 250 million ýewro baha bilen satan klub şu aralykda diňe horwatiýaly Mateo Kowaçiçi 45 million ýewro baha bilen satyn aldy.

Şu iki penjirede iň köp girdeji gazanan klublaryň ilkinji onlugynda «Benfika» (166 mln.), «Aýaks» (137 mln.), «Sporting» (92 mln.), «Red Bull Zalsburg» (75 mln.), «Lill» (69 mln.), «Hoffenhaým» (69 mln.), «Sampdoriýa» (57 mln) we «Empoli» (50 mln.) bar.

Yzda galan iki transfer penjiresinde oýunçy satyn almak üçin 300 million ýewro harçlan Madridiň «Realy», oýunçy satyp, 149 million gazandy. Şeýlelikde, klub 181 million çykdajy etdi. Şeýle hem Angliýadan «Aston Willa» 169 million, «Barselona» 166 million ýewro zyýanda.

Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynyň arasynda Fransiýanyň Liga 1-i 106 million dollar girdeji bilen öňe saýlandy. Germaniýanyň Bundeligasy bolsa 263 million ýewro zyýan çekdi. Ýöne bu-da gowy. Çünki Seriýa A 407, La Liga 418, Premýer liga 844 million ýewro zyýana gitdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň