Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2020: «Dordoý» ― «Altyn asyr» duşuşygyna siriýaly hünärmenler eminlik eder

14:0011.02.2020
0
4308

Siriýaly hünärmenler AFK-nyň kubogy ― 2020-niň toparçalaýyn tapgyryndaky «Dordoý» ― «Altyn asyr» duşuşygyna eminlik eder. Bu duşuşyk 11-nji martda Bişkek şäheriniň Dolen Ömruzakow adyndaky stadionynda geçiriler. Duşuşygyň ýerli wagt bilen agşam sagat 20-de başlanmagyna garaşylýar.

«Dordoýyň» metbugat gullgugynyň habar berşi ýaly, FIFA derejeli hünärmen Hanna Hattab duşuşygyň baş emini bolar. Oňa watandaşlary Ali Ahmad bilen Mazen Zazfoun ýardam berer. FIFA derejeli emin Masud Tufaýlieh bolsa ätiýaçdaky emin bolup işlär. Duşuşygyň gözegçi emini Hosseýn Askari, komissary özbegistanly Ahmet Tillaýew bolar.

Şu eminler topary geçen ýylyň awgustynda geçirilen «Altyn asyr» ― «Hanoý» duşuşygynda hem işläpdiler. Aşgabatda geçen şol duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň