Özbegistanda türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan brifing geçirildi

11:2607.02.2020
1
3794

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan geçirilen brifing hem hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň şanly 25 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň, Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň, «UzA», «Dunyo», «Новости Узбекистана» milli habarlar agentlikleriniň, Elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleri assosiasiýasynyň, Milli teleradiokompaniýasynyň, «UzReport» teleýaýlymynyň, «Народное слово» we «Правда Востока» gazetleriniň wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Özbegistandaky doly ygtyýarly wekili öz çykyşynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy, onuň Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmekdäki ähmiýetini belledi.

Brifinge gatnaşan žurnalistlere şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat barada maglumat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň