Soňky habarlar

Arhiw

Bäşimow bilen Ylýasow Eren Derdiýoga garşy oýnady

10:0107.02.2020
0
5225

Ýakynda Özbegistanyň «Kyzylkum» futbol toparynyň düzümine goşulan türkmenistanly futbolçylar Abdy Bäşimow bilen Wezirgeldi Ylýasow täze toparynyň düzüminde ýurduň çempiony «Pahtakora» garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdylar.

Baş tälimçi Hakimjon Aktamow türkmen futbolçylarynyň ikisini hem esasy düzümde meýdana goýberdi. Olaryň oýny tälimçide we janköýerlerde oňat täsir galdyrdy.

Ýoldaşlyk duşuşygy «Pahtakoryň» 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 24-nji minutda D.Hamdamow geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň